Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi

Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzili

Sorag-jogap gullugy:
+993(12) 76-17-41


Aşgabada Gezelenç

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy

Türkmenistanyň Baş muzeýiniň öňündäki meýdançada buýsançly parlaýan Garaşsyz ýurduň Baýdagy döwletliligiň nyşany, biziň aňymyzda watansöýüjiligi, ahlaklylygy we halkyň galkynyşyny tassyklaýan delil boldy. Şäheriň bu günorta böleginde dikilen 133 metrlik flagştok (matasynyň ölçegi52,5х35 metrdir) dünýäde iň beýik hasaplanylýar. Bu rekord 2008-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabynda üstünligi tassyklaýan şahadatnamada bellige alyndy.

Türkmeniň asyrlar boýy emele gelen ahlak kadalarynyň nyşany bolan tugdaky zeýtun şahalary bäş sany bilen bir bitewüligi emele getirýär.

Gadymy haly nagşy bolan göller, bäş ýyldyz bilen ýarymaý - täze döreýän ýaşaýşyň nyşany, iki sany zeýtun şahasy - biziň döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatyny, Bitaraplygyny, türkmen halkynyň ar-namysyny we ruhuny aňladýar we her ýyl 19-njy fewralda Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär.

Awtobus ugurlary: 9, 42, 55
Garaşsyzlyk binasy

2000-2001-nji ýyllarda Aşgabatda birnäçe belli ýadygärlikler gurlup, olar binagärçiligiň weheýkeltaraşlygyň iň gowy bitewuligini (sintezini) emele getirýär. Paýtagtyň iň dabaraly gözelligi Garaşsyzlyk binasydyr, onuň beýikligi 118 metr bolup, töwereginde Türkmenistanyň orta asyrlardaýaşan döwlet işgärleriniň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň heýkelleri oturdylypdyr.

Binanyň içinde muzeý ýerleşýär. Onuň eksponatlary Türkmenistanyň taryhy, özbaşdaklygynyň gözbaşlary barada gürrüň berýär. Binanyň töweregindäki giň meýdanda gelşikli seýilgäh bolup, ol agaçlaryň we gyrymsylaryň täsin (ekzotiki) görnüşleri bilen bezelendir. Seýilgähiň tutuş meýdanynda ýerleşen owadan suw kompozisiýalary salkynlyk berýär.

Bu uly taslamada Türkmenistanyň belli heýkeltaraşlary Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Welmyrat Jumaýew, Seýit Artykmämmedow, Gylyç Ýarmämmedow, Şamyrat Ýarmämmedow, Nurmuhammet Ataýew we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmen heýkeltaraşlarynyň toparlaýyn işi üstünlik getirdi. Ilkinji gezek Türkmenistanda işi we ýaşaýşy bilen dünýä taryhynda we medeniýetinde ägirt uly ähmiýete eýe bolan türkmen halkynyň belli şahsyýetlerine ýadygärlik dikeldildi.

Awtobus ugurlary: 16, 29, 38
Bitaraplyk binasy

Bitaraplyk binasy - özünde täze tehnologiýalaryňmümkinçilikleri bilen emele gelen has döwrebap owadanlyk binanyň elementlerinde we onuň bezeginde öz beýanyny tapan arassa milli manynyözünde jemleýär. Bu gije-gündiz gören gözleri özüne çekýän maýak, ýakynyndan bolsa özüniň gözelligi we täsin keşbi, ululygy bilen haýran galdyryp, howuňy basmaýar-da, eýsem asmana, Güne we ýyldyzlara tarap gönükdirilen yenillik we ýakymly duýgularydöredýär. Bu täsin binany döretmek pikiri 1995-njiýylyň 12-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda bolup geçen ýurtüçin örän wajyp waka bilen baglanyşyklydyr. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 185döwletiň wekilleri biragyzdan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» baradaky ýörite rezolýusiýany kabul etmäge ses berdiler. Bitaraplyk binasy -türkmenistanlylaryň köp asyrlap taryhyň kölegesindebolup, özüniň garaşsyzlygynyň nyşanlary bilen özbaşdak döwlet hökmünde uly syýasy sahna okgunly çykan öz Watanlaryna bolan guwanjynyň mese-mälim beýanydyr.

Bitaraplyk binasynyň esasy kompozisiýasy türkmene däp bolan, üç aýakda berk durýan, ot yakylanda gazanyň aşagynda goýulýan tagandyr. Bu aýdyň keşp görnüp duran millilik bilen öý ojagynyň odunyň öçmezligini - döwlet diýlip atlandyrylýan umumy öýüň berk digini aňladýar. Taslamada üç aýakly tagan giň, ýaýbaň, egriräk pilon (göni burçly uly sütün) görnüşinde bolup, olar öz aralarynda dürli diametrlikdäki we galyňlykdaky diskler we halkalar bilen baglanyşyklydyr. Bu dürli derejelerde ýerleşen syn ediş meýdançalarydyr. Olardan gije-gündiziň dürli wagtynda Aşgabadyň owadan görnüşi açylýar. Ilkinji derejä gelýänler iki pilon boýunça funikulýorlar bilen galdyrylýar. Bu ýerde 21,5 metr beýiklikde daş-töwerege syn edip bolýan kafe-bar ýerleşýär. Içi görnüp duran ýagty lift isleg bildirýänleri 50 metrlik beýiklige galdyrýar. Ol ýerde ýokarky syn ediş meýdançasy ýerleşýär. Ýokarky derejede 12 metrlik heýkel kompozisiýasy ýerleşdirilen, onda pasyrdaýan baýdagyň öňünde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy şekillendirilipdir (awtory belli heýkeltaraş Babasary Annamyradow).

Bitaraplyk binasy ak mermere örtülendir, direg pilonlarynyň gapdal taraplarynda we aşaky silindr bölegindäki guşaklygynda bürünç relýef bezegleri şekillendirilip, olar türkmeniň taryhynyň ýaňlaryny, olaryň durmuşyndaky özgerişleri we geljege bolan ymtylyşlaryny beýanedýär. Pilonlaryň ýokarky we aşaky syn ediş meýdançalaryň arasynda duran dik bölegi bäş sany meňzeş bürünç halka bilen berkidilen, olara her birinde dürli türkmen taýpalarynyňesasy haly nagyşlary - göller şekillendirilen relýef gözenekler dakylypdyr. Bu halkalar halkyň täze döwlet döretmekdäki synmaz agzybirliginiň nyşanydyr... Bitaraplyk binasynyň yşyk binagärçiligi diýlip atlandyrylýan ugruň hem ajaýyp nusgasy bolup durýandygyny hem ýatlapgeçmän bolmaz. Garaňky gatlyşanda ol güýçli ýagtylandyryş çyralaryň (prožektorlaryň) tutuş ulgamy bilen yşyklandyrylýar we gündizkiden tapawutlanýan düýbünden başga gözellige öwrülýär

Awtobus ugurlary: 8, 42
Konstitusiýa binasy

Türkmen paýtagtynyň günortasynda ýurduň Esasy Kanunynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň şanyna 2011-nji ýylyň maýynda gurlan Konstitusiýa binasy paýtagtyň esasy gözel ýerlerine degişlidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ägirt uly taryhy muzeýi bolan binagärçilik-çeper toplum diňe bir Aşgabadyň bezegi we gözelligi bolman, eýsem onuň möhüm jemgyýetçilik-syýasy we medeni aň-bilim merkezidir. Ol döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň mizemez bitewüligini we agzybirligini, onuň parahatçylygyň we döredijiligiň beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna üýtgewsiz meýillidigini aňladýar.

Milli binagärligiň gowy däpleriniň häzirki zaman arhitektura we inžener-tehniki çözgütleriniň sazlaşykly bolmagy bu bina özboluşlylyk we aýratyn öwüşgin berýär. Şeýle-de ol Orta Aziýadaky iň ägirt binalaryň biridir. Binanyň beýikligi 185metrdir. Kompozisiýanyň merkezinde beýikligi 91 metr bolan dört gyraňly diň bar, onuň ähli tarapy türkmen gölleri bilen bezelip, üstünde bäş ýyldyzly altyn ýarymaý bolan inçe gümmez oturdylandyr. Ol Oguz hanyň meşhur ýyldyzy görnüşindäki 27 metrlik binýadyň we 10 metrlik daş-töwereginde portikler, suw çüwdürimleri we owadan basgançaklary bolan platformanyň üstünde durýar. Binanyň daş-töwereginde abadanlaşdyrylan suw çüwdürimli we tokaý zolakly meýdan bar. Toplumyň içinde alty zaldan duran, beýik Türkmen döwletleriniň baýdaklary goýlan giň, owadan bezelen hollar, dynç alynýan, garaşylýan ýer, 200 orunlyk maslahatlar zaly, 50 orunlyk mejlisler zaly okalgaly we kompýuter zally kitaphana, sowgatlar üçin dükan, kafeteriý we beýleki zatlaryň bir topary ýerleşýär.

Binanyň 19-njy gatynda syn edilýän meýdança bolup, ondan paýtagtyň ajaýyp keşbi gorünýär.

Awtobus ugurlary: 55
'Türkmenistan' teleradiomerkezi

'Türkmenistan' teleradiomerkezi paýtagtyň günortasynda, Köpetdagyň gerşiniň üstünde ýerleşýär. Ägirt uly inžener-tehniki desga şäheriň islendik ýerinden seredeniňde hem görünýär. Elbetde, bu gurluşy boýunça çylşyrymly binanyň aýratynlygy onuň binagärçiligi, daşky gurluşynyň we dizaýnynyň üýtgeşikligidir, gaýtalanmaýanlygydyr. Teleradiomerkeziň üstünde güýçli antenna bolan 211metrlik merkezi bölegi Oguzhanyň sekiz burçly äpet ýyldyzy görnüşinde bolup, iki tarapyndan ýörite berk aýna bilen örtülendir. Gündizine ol Gün şöhlesine ýalpyldaýar, ýyldyzyň şöhlesi uzakdan görünýär, gijesine bolsa yşyklary we illýuminasiýasy bina toplumyna gaýtalanmajak reňk berýär.

Toplumyň esasy bölegi 31 gatdan durýar. Onda studiýalardan we beýleki ýöriteleşdirilen ýerlerden başga edara otaglary, işgärler üçin naharhana we dynç alyş otaglary, kafeteriý ýerleşýär. 29-njy gatynda aýlanýan restoran bolup, ondan ak mermer paýtagtyň gözelligine giňişleýin syn etmek bolýar. Merkez häzirki zamanyň iň kämil telekommunikasiýa enjamlary - tele we radio apparaturalarynyň täze görnüşleri, montaž, grafiki studiýalar we beýlekiler bilen üpjün edilendir. Şeýle-de onda iň täze yşyklandyryş, ses we beýleki tehniki ulgamlar bardyr, olaryňkömegi bilen žurnalistler wakalaryň bolýan ýerinden gepleşikleri tiz taýýarlap, alyp barypbilýärler.

Awtobus ugurlary: 33
'Bagt köşgi'

Nika köşgi ýa-da «Bagt köşgi» biri-birini söýýän ýürekleri birleşdirmäge, täze maşgalalary döretmäge niýetlenip, türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar böleginde bina edildi. Ol şäheriň bu böleginde soňky ýyllarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar, Konstitusiýa binasy, Maslahatlar köşgi, edara jaýlarynyň toplumlary bolan binagärçilik toplumyna goşulyp gidýär. Köşgüň ýerleşen beýikliginden paýtagtyň owadan görnüşi we Köpetdagyň eteginiň gözelligini görmek bolýar. Köşgüň binagärlik keşbi hem üýtgeşik. On bir gatly, meýdany 38 müň gektardan köp bolan üç basgançaklybinadyr, onuň her tarapy sekiz burçly ýyldyz görnüşindedir.

Onuň uly sütünleriniň ýokarsyndan görünýän kub (dört-burçluk) ýokarky basgançagyny emele getirýär we 32 metrlik şary - Türkmenistanyň kartasy çekilen Ýer togalagynyň nyşanyny özünde ýerleşdirýär. Ol bu ýerde ýola goýulýan maşgala gatnaşyklarynyň ynamdarlygynyň we berkliginiň bitewüligini aňladýar. Köşk suw çüwdürimleri bilen gurşalandyr, agşamlaryna bolsa owadan reňkli çyralar bilen yşyklandyrylýar. Köpugurly merkezde nikalary dabaraly resmileşdirmek üçin niýetlenen alty sany zal bolup, olaryň her biriniň öz ady bar. Ondan başga-da toý dabaralary üçin niýetlenen üç zaly 500 we 1000orunlykdyr. Dokuzynjy gatynda nika gyýylýan iň uly - Altyn zal ýerleşýär. Köşkde birbada ýedi jübüt ýaş çatynjalary bellige almak üçin şertler döredilen.

Bu ýerde ýedi sany banket zaly, iki kafe, toý üçin gerekli hyzmatlary etmek üçin nokatlar, şol sanda, toý köýnekleri, maşynlary bezeýän, zergärçilik önümlerini girewine berýän, milli şaý-sepler salonlary, fotosalon we gözellik salony, 22 orunlyk ähli şertleri bolan myhmanhana ýerleşýär. 3-nji we 4-nji gatlarynda edara jaýlary we arhiw ýerleşýär.

Awtobus ugurlary: 9

Awtomobil ulaglary ministrligi:
Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 126
Tel.: +993(12) 39-09-02
Faks: +993(12) 39-03-24
Ýolagçy awtoulag kärhanasy:
Aşgabat şäheri, 1930 (Şors) köçesiniň 92-nji jaýy.
Tel.: +993(12) 76-97-41
Faks: +993(12) 76-01-79
E-poçta: tinspect@online.tm
Halkara ýolagçy awtomenzili:
Dolandyryjy bölümi: +993(12) 76-97-41
Sorag-jogap gullugy: +993(12) 76-97-41
Dispetçer gullugy: +993(12) 76-97-41
Myhmanhana: +993(12) 76-97-41