Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi

Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzili

Sorag-jogap gullugy:
+993(12) 44-35-35


Awtomenzil hakynda

Halkara awtoulag menzili Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 7-nji kilometrinde ýerleşýär.

Awtomenziliň umumy meýdany 7,5 gektar bolup, ondaky ähli inženerçilik we binagärlik desgalarynyň umumy peýdalanylýan meýdany 9020 inedördül metr bolup, şol sanda:

  • awtomenziliň meýdany – 7174 inedördül metr;
  • edara binasynyň meýdany – 1182 inedördül metr;
  • myhmanhananyň meýdany – 724 inedördül metr.

Iki gatdan ybarat bolan Halkara awtomenzili 4 perronly, häzirki zaman awtomobiliniň dest (rul) halkasynyň şekilinde bina edildi. Bu perronlar halkara, şäherara we şäherýaka ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.

Halkara awtoulag menzili bir wagtda 48 ýolagçy awtobusyna, gije-gündiziň dowamynda bolsa 2000-e çenli ýolagça hyzmat etmäge doly mümkinçilik berýär. Bu häzirki zaman awtomenziliniň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, onuň gündogar böleginde döredilen bagy-bossan seýilgähi, günbatar böleginde bolsa 100 orunlyk awtoduralga hem raýatlarymyzyň hyzmatyna berildi. Olardan başga-da, ol ýerde awtobuslara tehniki hyzmatlar edilýän we awtoýuwalgalar toplumy ýerleşendir.

Awtomenziliň çäginde awtobuslaryň hereketi sagat diliniň tersine aýlaw ýoly boýunça amala aşyrylýar. Bu bolsa, awtomenziliň çäginden Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluna çykylanda awtobuslaryň hereketiniň üznüksiz we bökdençsiz amala aşyrmagyna ýardam eder.

Halkara awtomenziliň iki gatly binasy kümüşsow reňkli metaldan we nepis aerodinamiki görnüşli aýnadan edilendir. Binanyň üçeginde ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýan haly gölleriniň şekilleri ýerleşdirilip, olar gije dürli reňklerde yşyklandyrylýar.

Awtomenziliň baş binasynda 260 ýolagça niýetlenen garaşylýan zaly ýerleşdirilen. Ellips görnüşinde bina edilen bu zalyň merkezinde bezegli iki sany aýmança awtobuslaryň hereketiniň tertibi barada habar berýän 4 sany LED monitorlary bilen üpjün edilendir.

Binanyň gatlaryna iki sany asma basgançak, eskalatorlar we iki sany lift arkaly münüp-düşmek bolar. Bulardan başga-da, awtomenziliň merkezi binasy galareýalar arkaly 50 orunlyk myhmanhana we edara binasy bilen birleşdirilendir. Bu bolsa, ýolagçylara goşmaça amatlyklary döredýär.

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi:
Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 126
Tel.: +993(12) 39-03-20
Faks: +993(12) 39-03-20
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigi:
Aşgabat şäheri, 1930 (Şors) köçesiniň 92-nji jaýy.
Tel.: +993(12) 76-01-48
Faks: +993(12) 76-01-48
E-poçta:
Halkara ýolagçy awtomenzili:
Dolandyryjy bölümi: +993(12) 44-35-35
Sorag-jogap gullugy: +993(12) 44-35-35
Dispetçer gullugy: +993(12) 44-35-35
Myhmanhana: +993(12) 44-35-35