Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi

Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzili

Sorag-jogap gullugy:
+993(12) 76-17-41


Internetiň üsti bilen orunlary bron etmegiň düzgünleri

1
Awtobusa orunlary bronlamak işleri awtobusyň ugramazyndan 7 gün öňünden, awtobusyň başlangyç duralgadan ugramagyna bir gün galýança amala aşyrylyp bilner.
2
Bronlamak işleri awtobusyň ugramagyna 24 sagat galanda ýapylýar.
3
Eger-de 40%-den köp ýolagçy orunlary bronlanan bolsa, şol gatnaw üçin bronlamak işleri ýapylýar.
4
Siz doly we çaga petekleri bronlap bilersiňiz, çaga petekleriniň nyrhnamasy doly petegiň 50%-dir. Bir sargytda bron edilýän orunlaryň sany 3-den köp bolmaly däldir.
5
Ulanyjy islendik pursatda bronlamagyň ikiden köp bolmadyk işjeň sargytlara eýe bolup biler (bron ýatyrylmadyk we satyn alynmadyk). Bronlamagyň iki sargydy hasaba alnandan soň işjeň sargytlaryň biriniň ýa-da ondan köpüsiniň satyn alyş ýa-da ýatyrylyş pursatyna çenli bronlamak işi wagtlaýynça ýapylýar.
6
Bronlamak hyzmatyny ulanyjylaryň hyýanatly maksatlar bilen ulanmaklygynyň öňüni almak üçin, soňky 60 gije-gündiziň dowamynda gelen sargytlaryň umumy sanynyň 60 %-i satyn alynmadyk bolsa, şu hyzmata giriş ýapylýar.
7
Bron boýunça petek satyn alnyşy awtomenziliň kassalarynda gatnawyň ugramagyndan 24 sagat öň amala aşyrylmaly. Haçan-da gatnawyň ugramagyna 24 sagatdan az wagt galanda, bron awtomatiki usulda güýçsüz diýip hasap edilýär.
8
Petek satyn alnanda kassiriň ýolagçydan şahsyýetnamasyny tassyklaýan resminamany soramaga hukugy bardyr. Eger-de maglumatlar bron edilendäki maglumatlara gabat gelmese, kassiriň şu bron boýunça petek satmazlyga hukugy bardyr.
9
Gatnaw maglumatlarynyň we ýolagçynyň şahsy maglumatlarynyň dogry görkezilişine internet üsti bilen sargyt edýän tarap jogapkärçilik çekýär.
Awtomobil ulaglary ministrligi:
Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 126
Tel.: +993(12) 39-09-02
Faks: +993(12) 39-03-24
Ýolagçy awtoulag kärhanasy:
Aşgabat şäheri, 1930 (Şors) köçesiniň 92-nji jaýy.
Tel.: +993(12) 76-97-41
Faks: +993(12) 76-01-79
E-poçta: tinspect@online.tm
Halkara ýolagçy awtomenzili:
Dolandyryjy bölümi: +993(12) 76-97-41
Sorag-jogap gullugy: +993(12) 76-97-41
Dispetçer gullugy: +993(12) 76-97-41
Myhmanhana: +993(12) 76-97-41